DxOMark-yň awtorlary öň Xiaomi 15 Ultra-nyň kamerasyny synagdan geçiripdiler, indi bolsa esasy model Xiaomi 15-iň kamerasy boýunça syn çap etdiler. Ýatlatsak, bu smartfonda hersi 50 MP-lik üç sany kamera bar, emma esasy sensory Ultra modelindäki ýaly uly däl. Flagman görnüşi ýaly, adaty model hem gaty gowy netije görkezip 147 bal aldy. Ol bu görkezijisi bilen sanawda 22-nji orny eýeleýär, ýöne şol bir baly alan enjamlar bilen bilelikde göz öňünde tutsak, ol 11-nji orunda ýerleşýär. Olaryň arasynda Pixel 7 Pro, Pixel 8, iPhone 16 hem bar, Xiaomi 14 Ultra bolsa bary-ýogy 1 bal köp aldy. Umuman aýdanyňda, bu gaty gowy netije. Awtorlaryň bellemegine görä, bu enjam ähli režimlerde we synaglarda hem gowy netijeleri görkezipdir. Ol hiç bir ugur boýunça iň gowusy bolmasa-da, hatarynyň iň kiçi flagman modelidir.