Toyota bilen Mazda hyzmatdaşlygy giňeldip, bilelikde täze sportkar öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu barada öňümizdäki ýaz paslynda resmi taýdan mälim edilip bilner diýip, «Best Car» ýapon çeşmesi habar berýär. Kompaniýalar 2017-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýärler, şol wagt olar biri-biriniň paýdaryna öwrülipdiler. 2024-nji ýylyň sentýabryndaky ýagdaýa görä, Toyota kompaniýasy Mazda-nyň 5,1%-lik paýnamasyna eýe bolup, onuň üçünji iň uly paýdary bolup durýar. Olaryň ABŞ-nyň Hantswill şäherinde 2021-nji ýylda işe girizilen bilelikdäki zawody hem bar. Bu ýerde «Toyota Corolla Cross» we «Mazda CX-50» modelleri öndürilýär. Belläp geçsek, «Mazda CX-50» modeliniň gibrid görnüşinde Toyota Hybrid System tehnologiýasy ulanylýar. Şeýle-de Ýewropada satuwa çykarylan «Mazda 2 Hybrid» modeli bolsa, aslynda, «Toyota Yaris-iň» OEM görnüşi bolup durýar. Indi kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy täze derejä geçip biler. Toyota-nyň başlygy Akio Toýoda bilen Mazda-nyň prezidenti Masahiro Moronyň gowy gatnaşyklary saklaýandygy, şeýle-de olaryň awtoulaglara bolan höwesleriniň birmeňzeşdigi bellenip geçilýär. Mazda-nyň inženerleriniň köpüsi häzirki wagtda Toyota Gazoo Racing bölüminde işleýärler. Bu ýagdaý täze nesil «Toyota GR Supra» modeliniň işlenip düzülýändigini görkezýär. Täze «GR Supra-nyň» 2027-nji ýylda çykmagyna garaşylýar. Käbir bilermenler bu taslamany «Mazda RX Vision» we «Toyota GR GT3» konseptleri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu awtoulaglar baradaky jikme-jik maglumatlar soň mälim ediler.