Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary “Açyk gapylar” gününe çagyrýar. 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda institutda ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler. “Açyk gapylar” günleri aşakdaky salgylarda sagat 10:00-da başlanýar. Türkmen oba hojalyk instituty barada maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtynda tanyşyp bilersiňiz. Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň binasynda. Salgysy: Daşoguz ş. Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68. Lebap welaýaty boýunça Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş. Zelili köçesiniň 1-nji A jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12. Mary welaýaty boýunça Baýramaly şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş. Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-38-19; 800564-6-07-84.