“Barselona” futbol kluby üç sany täze firma dükanyny açmak meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada klubuň resmi saýtynda aýdylýar. Birinji dükan 29-njy martda Tbiliside açylar. Ol klubuň daşary ýurtda ilkinji dükany bolup, Gruziýanyň paýtagtynyň taryhy merkezinde ýerleşer. 1-nji aprelde ikinji dükan işläp başlar – ol Ispaniýanyň Malaga şäherinde ýerleşer. Üçünjisi tomusda Palma-de-Maýorka howa menzilinde açylar. Taslama ygtyýarnamalaşdyrmak we merçandaýzing boýunça işewürligi ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylyň iýun aýyndan bäri “Barselona” klub atributikasynyň satuwyna özbaşdak gözegçilik edýär. Bu brendi dolandyrmaga we bölek söwda ugruny ösdürmäge mümkinçilik berýär.