Buzluklaryň eremegi bütin dünýä boýunça 2 milliard adamyň azyk we suw üpjünçiligine howp salýar. Bu barada ÝUNESKO-nyň hasabatyna salgylanyp, «The Guardian» neşiri habar berýär. Dünýäde oba hojalygy üçin suw bilen üpjün edilýän ekin meýdanlarynyň üçden iki bölegi buzluklaryň eremeginden we daglyk sebitlerdäki garyň mukdarynyň azalmagyndan täsirlener. Bu ýagdaý, elbetde, klimatyň üýtgemegi bilen baglydyr. Häzirki wagtda 1 milliarddan gowrak adam daglyk sebitlerde ýaşaýar. Şolaryň ýarysyna golaýy ösýän ýurtlarda ýaşap, eýýämden azyk ýetmezçiligini başdan geçirýärler. «World Water Development Report 2025» hasabatyna görä, bu ýagdaý hasam agyrlaşar. Sebäbi şol sebitlerde azyk önümçiligi, esasan, daglardan gelýän suwlara, şeýle-de buzluklaryň we garyň eremegine bagly bolup durýar. Ösen ýurtlar hem bu howpuň täsirine düşýär. Meselem, ABŞ-nyň Kolorado derýasynyň basseýni 2000-nji ýyldan bäri gurakçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Howanyň temperaturasynyň ýokarlanýandygy sebäpli, indi ýagyş has köp ýagýar, emma ýagýan ýagyşlar dagyň garynyň suwa öwrülmeginden has çalt bugarýar. Netijede, suw ýitýär we gurakçylyk has hem erbetleşýär. «Biz nirde ýaşasak-da, daglara we buzluklara belli bir derejede garaşly. Emma bu tebigy suw ammarlaryna düýpli howp abanýar. Bu hasabat gyssagly çäre görmegiň zerurdygyny görkezýär» — diýip, ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azulaý belläp geçdi. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna görä, buzluklaryň ereýiş tizligi taryhda öň görlüp-eşdilmedik derejä ýetdi. Diňe soňky üç ýylyň dowamynda, buzluklaryň massasynyň iň uly ýitgisi hasaba alyndy. Has uly zyýan çeken sebitleriň arasynda Norwegiýa, Şwesiýa, Şpisbergen arhipelagy we tropiki And daglary bar. Gündogar Afrikadaky buzluklaryň hem 80%-i eýýäm ýitdi. And daglarynda bolsa, 1998-nji ýyldan bäri, buzluklaryň üçden birinden ýarysyna çenli eredi. Ýewropada iň köp zyýan çeken sebitler Alplar we Pireneý daglary bolup, ol ýerlerde hem buzluklaryň massasy, takmynan, 40% azaldy. ÝUNESKO-nyň suw çeşmeleri boýunça ylmy maksatnamalarynyň müdiri Abu Amani, buzluklaryň eremeginiň ýene bir möhüm netijesiniň bardygyny belleýär. Buzluklar erände, olaryň ýerine gara toprak ýüze çykýar. Buzluklar Günüň şöhlesini yzyna serpikdirýärdi, gara toprak bolsa, tersine, olary özüne siňdirýär. «Buzluklaryň eremegi [Günüň] şöhleleriniň yzyna gaýtarylmagyna täsir edýär, bu bolsa bütin howa ulgamyna täsir eder» — diýip, ol duýduryş berdi. Şeýle-de lawinalaryň sany hem köpeler. Sebäbi garyň üstüne ýagan ýagyş ony eredýär we süýşme hadysalaryny güýçlendirýär. Şonuň ýaly-da buzluklaryň içinde ýygnanan suwlar hem birdenkä daşyna çykyp, jülgelerde ýaşaýan adamlara howp salyp biler. Beýleki bir howply ýagdaý bolsa, doňan topraklaryň eremegidir. Sebäbi olaryň eremegi bilen, metan gazlary bölünip çykyp biler. Geçen aý «Nature» žurnalynda çap edilen ylmy gözleg, eger global yssylyk saklanmasa, şu asyryň ahyryna çenli dünýädäki buzluklaryň umumy massasynyň ýarysynyň ýitip biljekdigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir