Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç “Masters-1000” ýaryşlaryndaky oýunlarda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça täze rekord goýdy. Ol 411-nji oýunda ýeňiş gazanyp, hasabynda 410 ýeňiş bolan ispaniýaly Rafael Nadaldan öňe geçdi. Jokowiç Maýamide (ABŞ) geçirilýän ATP-1000 ýaryşynyň 1/8 finalyna çykdy. Ol üçünji tapgyrda argentinaly Kamilo Ugo Karabelini utdy. Onuň indiki garşydaşy italiýaly Lorenso Muzetti bolar. Türgenler dörtden bir finala çykmak üçin bäsleşer. Maýamidäki ýaryş 19-njy martdan 30-njy mart aralygynda geçirilýär. Erkekleriň arasynda ýekelikdäki ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 9,1 mln dollara barabar. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi dünýäniň birinji raketkasy, italiýaly Ýannik Sinnerdir. Geçen ýyl ol finalda bolgariýaly Grigor Dimitrowy utdy. Sinner häzirki ýaryşa gatnaşmaýar – ol dopinge garşy düzgünleri bozandygy üçin üç aý oýunlardan çetleşdirildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir