Türkmenistandan dürli pudaklaryň wekilleri, hususy haryt öndürijiler şu ýylyň maýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak halkara sergä gatnaşarlar. Şunuň bilen baglanyşykly görülýän taýýarlyk işleri barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew hasabat berdi. Bu sergide halkymyzyň milli medeni gymmatlyklary, ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, eksport ugurly täze önümleri tanyşdyrylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Döwlet Baştutany türkmen haryt öndürijileriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir