Merkezi banklar eýýäm üç ýyl bäri öz ätiýaçlyklary üçin 1000 tonnadan gowrak altyn satyn alýar. Bütindünýä altyn geňeşiniň (World Gold Council, WGC) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda bu görkeziji 1045 tonna, 2023-nji ýylda 1037 tonna ýetdi, 2022-nji ýylda bolsa 1082 tonna bolup, rekord goýdy diýip, RBK habar berýär. Esasy satyn alyjylar Özbegistan, Hytaý we Gazagystan bolmagynda galýar. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Polşa we Hindistan hem öz ätiýaçlyklaryny 3 tonna artdyrdy. Iň uly altyn ätiýaçlygy ABŞ-da bolup, ol 8133,46 tonna ýetýär. Gymmat bahaly metalyň umumy altyn walýuta ätiýaçlyklarynda paýy 74,97%-e barabar. Ikinji orny 3351,53 tonna (74,39%) bilen Germaniýa eýeleýär. Ozal ýurduň altyn ätiýaçlyklarynyň köp bölegi Nýu-Ýorkuň (ABŞ), Londonyň (Beýik Britaniýa) we Parižiň (Fransiýa) banklarynda saklanýardy. Ýöne 2013-nji ýyldan ýurt jemgyýetçilik basyşy astynda daşary ýurt ammarlaryndan altyny yzyna gaýtaryp başlady. Üçünji orunda 2451,84 tonna (70,79%) bilen Italiýa ýerleşdi. Ätiýaçlyklar altyn tokgalarynda we teňňelerde saklanýar. Dördünji orny Fransiýa eýeleýär. Onuň altyn ätiýaçlyklary 2437 tonna (72,27%) barabar. Ätiýaçlyklaryň göwrümi 2009-njy ýyldan bäri üýtgemedi. Öňdebaryjylaryň bäşligini 2335,9 tonna bilen Russiýa jemleýär. 2025-nji ýylyň 1-nji martyna çenli onuň altyn ätiýaçlyklary 217,4 mlrd dollara ýetdi, ätiýaçlyklarda altynyň paýy bolsa 34,4%-e çenli ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir