Toyota 2026-njy ýylda Corolla-nyň 13-nji neslini çykarmaga taýýarlanýar. Täze ulag ýiti daşky görnüşi we kuwwatly GR wersiýasy bilen haýran galdyrar diýip, Carscoops habar berýär. Dizaýn Prius, C-HR we Camry modellerinden ruhlandy: ýiti çyzyklar, LED faraly T görnüşli öň bölegi we inçe yzky çyralar. Şeýle-de, uzaldylan yzky gapylar we täze bamper bu görnüşiň üstüni ýetirýär. Interýer Prius ulagyndan sanly paneli we Apple CarPlay, Android Auto funksiýalary we EA-nyň esasynda ses dolandyryşy bolan 12,3 dýuýmlyk multimedia ekranyny, şeýle-de panorama üçegini, giň bagaž ýerini alar. Hereketlendiriji hatarynda üç görnüşde 1,5 litrlik hereketlendiriji bolar: 128 at güýjüni berýän atmosfera hereketlendirijisi; 178 at güýjüni berýän turbo; Kämilleşdirilen zarýad alyş bilen gibrid (HEV). Birikdirilýän gibrid (PHEV) iki elektrik hereketlendirijisine eýe bolar. GR Corolla 300 at güýjündäki 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi ýa-da 400 at güýjündäki täze 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Mehanika hatarda galar, ýöne awtomaty hem goşmak göz öňünde tutulýar. Adaty kuzowlar – sedan, hetçbek we uniwersal Touring saklanar. Soňkusy kross-wersiýada ýa-da Ýaponiýa üçin GR eksklýuziw hökmünde çykyp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir