Beýik Britaniýanyň Patyşalyk zikgehanasy meşhur “The Beatles” toparynyň esaslandyryjysy, wokalist we ritm-gitaraçy Jon Lennonyň keşbi bilen ýadygärlik teňňesini çykarar. Ol sazandanyň 85 ýyllygyna we onuň soňky solo albomynyň 50 ýyllygyna bagyşlanar. Teňňede sazandanyň Bob Grueniň 1974-nji ýylda düşüren suratyna esaslanan profili şekillendiriler. Ýadygärlik teňňesi 17-nji martda satuwa çykar. Onuň bahasy 18,5 funt sterlingden başlanýar. Ol dürli reňkli metallarda ýasalar. Jon Lennon 1980-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda pajygaly ýagdaýda heläk boldy.