Arheologlar lidaryň kömegi bilen Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk berkitmeli oturymly ýerleri tapdylar. Lazer arkaly skanirleme agaçlaryň gyrymsylygynyň astynda asyrlarboýy gizlenip ýatan eneolit döwrüniň goranyş ulgamlaryny ýüze çykardy. Bu barada Agerpres neşiri habar berýär. Barlag Rumyniýanyň Nýams etrabynyň barmasy kyn tokaýlarynda geçirildi. Netije garaşylyşyndan has ýokary boldy: Tyrgu-Nýams şäheriniň golaýyndaky gür ösümlikleriň aşagyndan neolit bilen bürünç asyrlarynyň arasyndaky geçiş döwri bolan eneolit döwrüne degişli berkitmeler tapyldy. Lazer şöhlesini çykarýan we serpikýän ýagtylygy ölçeýän lidar takyk topografiki kartalary döretmäge mümkinçilik berdi. "Lidar arkaly skanirlemek berkidilen nokatlaryň köpüsiniň, goranyş ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, beýik ýerde ýerleşendigini, uzakdan gowy görnendigini hem-de garymlar we, hatda toprakdan seňňerler bilen berkidilendigini görkezdi" – diýip, Nýamsyň Milli muzeý toplumynyň taslama utgaşdyryjysy, arheolog Wasile Diakonu Agerpres bilen söhbetdeşliginde belledi. Meýdan ölçegleri gadymy gurluşykçylaryň ägirt uly tagallalarynyň subutnamasy bolan ýüzlerçe metr uzynlykdaky çukurlary ýüze çykardy. Diakonu: "Biz Nýamsyň tokaýlarynda uzak wagtlap gizlenip galan arheologiki ýadygärlikler barada uly ylmy ähmiýete eýe bolan maglumatlary we şekilleri almagy başardyk" diýip sözüniň üstüne goşdy. Lidar bolmasa şeýle açyşlary etmek üçin ýüzlerçe adam birnäçe aýlap işlemeli bolardy we netijeleriň üstünlikli boljakdygyna-da kepil bolmazdy. Alymlar işiň dowamynda Piter I Moldawskiý döwründe gurlan, Nýamsyň XIV asyra degişli orta asyr galasyny hem skanirlediler. Olaryň sözlerine görä, alnan maglumatlar ýadygärligi syýahatçylara tanatmaga we taryhy açyşlar üçin täze maglumatlary bermäge kömek eder. Hünärmenler bu açyşyň takyk jikme-jikliklerini entek paýlaşmadylar. Soňky ýyllarda lidarlar alymlara has köp arheologiki açyşlary etmäge kömek etdi. Ozal bu tehnologiýa Meksikadaky tokaýda ýitirilen şäheri tapmaga kömek edipdi, hatda ol ýerde top oýnalýan meýdançalar hem bar eken.