CoreWeave amerikan startapy OpenAI bilen bahasy 11,9 milliard dollar bolan hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişdi diýip, «Reuters» neşiri habar berýär. Baglaşylan şertnama laýyklykda, CoreWeave bäş ýylyň dowamynda OpenAI-yň emeli aň (EA) modellerini türgenleşdirmek üçin öz serwer infrastrukturasyny üpjün eder. Şeýle-de CoreWeave IPO geçiren wagty, goşmaça 350 million dollarlyk paýnama çykarar we olary OpenAI hususy söwda arkaly satyn alar. 2017-nji ýylda esaslandyrylan CoreWeave maglumat merkezlerine elýeterlilik hödürleýär we Microsoft hem-de Amazon ýaly bulut tehnologiýalaryny üpjün edijiler bilen bäsleşýär. Geljekde geçiriljek IPO bilen, kompaniýa 4 milliard dollar maýa toplamagy we bazardaky umumy bahasyny 35 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir