Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti "Bilim - üstünlige barýan ýol" bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik 10-12-nji ýynp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýär. Ýaryş iki tapgyrda geçer we dört dersden ybarat bolar: matematika, fizika, himiýa we biologiýa. Birinji tapgyr telebäsleşik görnüşinde geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjylar synag sowallaryna SMS arkaly we turkmentv.gov.tm saýtynyň üsti bilen jogap bermeli. 60 soragdan, azyndan, 50-sine dogry jogap berip bilenler bäsleşigiň indiki tapgyryna geçer. Jemleýji tapgyr Aşgabatda bolar. Oňa gatnaşjaklar SMS-habarnamasyny alarlar. Ýokary okuw mekdepleriniň 2024-2025-nji okuw ýylynda geçirýän ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylar, döwlet ders bäsleşikleriniň finalçylary we milli ýygyndynyň agzalary bäsleşigiň gönüden-göni jemleýji tapgyryna çykyp bilerler. Ýeňijilere Diplomlar we sowgatlar gowşurylar. Bäsleşige gatnaşmak üçin 0530 belgä S025 koduny ugratmaly. Habarlaşmak üçin: Bilim ministrligi — 44-85-42, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Управление «Mahabat» Госкомитета по телевидению, радиовещанию и кинематографии — 44-24-97.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir