ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google kompaniýasyndan Chrome brauzerini satmagyny talap edýär. Bu çäre kompaniýanyň gözleg bazaryndaky monopoliýasyny aradan aýyrmak üçin görülýär. Bu barada kazyýet resminamalaryna salgylanyp, «TechCrunch» neşiri habar berýär. Bu talap ilkinji gezek geçen ýyl, ýagny ABŞ-nyň öňki prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy döwründe öňe sürüldi. Google-yň başgaça syýasata garaşandygyna garamazdan, täze administrasiýa hem şol pikirleri öňe sürmäge dowam etdi. Şeýle-de bolsa, ministrlik bu mesele boýunça öz pozisiýasyny birneme ýumşatdy: emeli aňa (Anthropic hem degişli) maýa goýmak boýunça doly gadaganlyklary girizilmez, bu maýa goýumlary barada Google hökümeti habarly etse ýeterlik bolar. Derňew işleri kazy Amit Mehtanyň Google-y gözleg bazarynda monopoliýa döretmek boýunça aýyplamagyndan soň başlady. Prokuror Omid Assefi bolsa, Chrome-yň başga bir kompaniýa satylmagyny, şeýle-de Google-yň öz gözleg hyzmatyny öňe sürmegi üçin, hyzmatdaşlaryna töleg tölemegini gadagan etmek baradaky talaplary bilen çykyş etdi. Muňa mysal hökmünde, Safari brauzerindäki deslapky gözleg hyzmaty hökmünde Google-yň ornaşdyrylmagy üçin, Apple kompaniýasyna 2022-nji ýylda 20 milliard dollar töländigini görkezmek bolar. Google bu karara garşy şikaýat taýýarlap, hyzmatdaşlaryna has uly erkinlik bermek teklibini orta atdy. Kompaniýanyň wekili Adalat ministrliginiň çäreleriniň sarp edijilere, ykdysadyýete we ABŞ-nyň howpsuzlygyna zyýan ýetirip biljekdigini aýtdy. Kazy Mehta bu kazyýet işine aprel aýynda sereder – bu hem tehnologiýa ägirdi bilen bolan jedelde iň möhüm pursat bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir