Pekin uniwersitetiniň alymlary örän ýokary tizlikdäki 5G we 6G mobil torlary üçin esas bolup biljek, 100 GGs takt ýygylykda işleýän optiki çibi işläp düzdüler. Bu barada «Interesting Engineering» neşiri habar berýär. Iň ýokary takt ýygylygy 6 GGs bolan adaty prosessorlar maglumatlary elektronlar, ýagny elektrik togy arkaly işleýärler. Şonuň üçin olar gaty köp ýylylyk bölüp çykarýarlar. Täze döredilen optiki çip bolsa, munuň tersine, ýagtylygyň bölejikleri bolan fotonlary ulanýar. Şonuň üçin ol has çalt işleýär we az energiýa sarp edýär. Täze çibiň gurluşy örän täsin: ol at çapyşyklary geçirilýän aýlawlara meňzeýär. Çipde ýagtylyk impulslary şol aýlaw boýunça hereket edýär we her aýlawda takyk ritm döredýär. Alymlar bu çibiň içine «mikrokomb» diýen enjamy ýerleşdirdiler. Bu enjam dürli ýygylykly signallary öndürmäge mümkinçilik berýär: ýönekeý bir ýygylykdan başlap, giň zolakly signallara çenli. Şeýle-de bu gurluş çibiň bar bolan enjamlar bilen integrasiýasyny aňsatlaşdyrýar we önümçilik çykdajylaryny peseldýär. Şeýle hem 8 dýuýmlyk plastinkanyň üstünde müňlerçe çibiň öndürilmegi mümkin diýlip bellenilip geçilýär. Täze çibiň iň uly artykmaçlygy – 5G we 6G torlaryna berýän mümkinçiligi. Bu çip enjamlary täzeläp durmazdan, maglumat geçiriliş tizligini ep-esli ýokarlandyrar. Eger ony bazalyk stansiýalarda ulansalar, çykdajylar peseler we energiýa sarp edilişi azalyp, tehnologiýanyň giňden ýaýramagy aňsatlaşar. Häzirki wagtda çibiň bazara çykjak senesi belli däl. Emma bu tehnologiýa mobil aragatnaşyk dünýäsinde eýýämden uly gyzyklanma döredýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir