“Liwerpul” öz resmi saýtynda adidas sport brendi bilen uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Mersisaýdlylar ozal hem bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär. “Liwerpul” we adidas täze köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada ylalaşdy, onuň çäklerinde sport egin-eşiklerini öndüriji klubuň resmi hyzmatdaşy bolar. 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan biziň klubumyz belli üç zolagy geýer – bu taryhda eýýäm üçünji gezek. Adidas “Liwerpulyň” ähli erkekler, zenanlar we çagalar toparlaryny, şeýle-de klubuň işgärlerini futbol, türgenleşik we gündelik eşik toplumlary bilen üpjün eder. The Guardian neşiriniň maglumatlaryna görä, “Liwerpul” nemes brendinden ýylda 60 mln funt alar, ýöne şertnamanyň takyk möhleti aýdylmaýar. Mundan öň kluby bäş ýyllap eşik toplumy bilen Nike üpjün etdi. Klub bu kompaniýa bilen şertnama boýunça ýylda 30 mln funt we klub eşiginiň satuwyndan 20% alýardy. Adidas-yň bäsdeşleri Puma bilen Nike boldy, ýöne olaryň teklipleri iňlis toparyny özüne çekmedi. Belläp geçsek, bu “Liwerpul” bilen adidas-yň ilkinji hyzmatdaşlygy däl. Olar 1985 – 1996-njy we 2006 – 2012-nji ýyllarda hem hyzmatdaşlyk etdi. Bu döwürde klub köp sanly baýraklary, şol sanda üç Angliýanyň çempiony titulyny we Angliýanyň Kubogynda üç ýeňşi gazandy. Adidas futbol eşigi “Liwerpulyň” üstünliginiň sinonimidir – diýip, klubuň metbugat gullugy ýazýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir