Britaniýanyň abraýly Give me Sport portaly Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy derwezebanlaryň reýtingini düzdi. Sanawda birinji orny “Bawariýanyň” derwezebany Manuel Noýer eýeledi, ol topar bilen bilelikde karýerasynda ÇL ýaryşynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Onuň yzyndan “Realyň” meşhur derwezebany Iker Kasilýas ýerleşdi. Oýunçy esasy ýewrokubogyň dört gezek ýeňijisi boldy. Üçünji orny “Mançester Ýunaýtediň” öňki derwezebany Edwin wan der Sar eýeledi. Dördünji orunda “Çelside” oýnan Petr Çeh ýerleşdi. “Ýuwentusda” çykyş eden italiýaly Janluiji Buffon bolsa bäşinji orny eýeledi. Sanawyň yzyny “Barselonadan” Wiktor Waldes dowam etdirýär. Onuň yzyndan Keýlor Nawas (“Real”/“PSŽ”), Oliwer Kan (“Bawariýa”), Dida (“Milan”), Tibo Kurtua (“Atletiko”/“Çelsi”/“Real”) we Alison Beker (“Roma”/“Liwerpul”) gelýär. Reýting düzülende diňe bir baýraklaryň sany däl, eýsem şahsy statistika, hünärmenleriň we žurnalistleriň pikiri hem göz öňünde tutuldy.