5-nji martda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň Altyn nesil köçesiniň ugrunda birbada 3 sany 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açyldy. Olar 48 we 64 öýli hem-de mümkinçiligi çäkli hem-de durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän maşgalalar üçin niýetlenen 48 öýli ýaşaýyş jaýlary diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň giň we ýagty otaglarynda ähli amatlyklar döredildi. Köp gatly binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, olaryň çäklerinde ýanýodalar, elektrik, gaz, suw we aragatnaşyk ulgamlary çekildi. Dürli saýaly bag nahallary ekilip, çagalar üçin oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir