Oksford uniwersitetiniň işgäri XVII asyra degişli goşgular ýygyndysynyň arasynda Uilýam Şekspiriň 116-njy sonetiniň seýrek elde ýazylan nusgasyny tapdy. Bu barada uniwersitetiň resmi web sahypasynda habar berildi. Bu gymmatly golýazmany Eşmol muzeýiniň esaslandyryjysy Elias Eşmola (1617-1692) degişli resminamalary öwreniji, iňlis dili boýunça alym doktor Liýa Weroneze ýüze çykardy. Bu eser Şekspiriň sonetiniň häzirki wagta çenli ýüze çykarylan elde ýazylan ikinji nusgasydyr. Bilermenleriň pikirine görä, 116-njy sonet dürli şahyrlaryň eserleriniň ýygyndysynyň bir bölegi bolupdyr. Bu ýygyndyda ol Genri Louzyň sazandalygynda aýdym görnüşinde beýan edilipdir. Mundan başga-da sonete ýedi sany goşmaça setir goşulypdyr – bular aýdymy doly bentler bilen üpjün etmek üçin ýazylypdyr. Barlagçylar XVII asyrda Angliýada bolup geçen raýatlyk urşy döwründe, bu goşmaça setirleriň eseriň syýasy mazmunyny güýçlendirmek üçin hem ulanylan bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler. Bu tapyndy Şekspiriň eserlerine dürli döwürlerde dürli-dürli garalandygyny görkezýär.