4-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli Parlamentiň saýtynda habar berilýär. Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturan ýerinden alyp barar. Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar, durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomata Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berildi. Ilçi Rikardo Martines Waskes Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýanyň ilçisi Rikardo Martines Waskesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Taraplar oba we suw hojalygy, ulag-logistika, şeýle hem medeni-ynsanperwer, bilim maksatnamalary hem-de ispan dilini öwrenmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 10-a golaý ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Wekiliýetiň düzümi Ibertest», «Nobargi», «Talgo», «Sercobe», «INDRA», «AGRAGEX», «Teltronic» ýaly 18 ispan kompaniýasynyň wekillerini öz içine aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir