Awstraliýaly alymlar Antarktidanyň buzlarynyň eremeginiň 2050-nji ýyla çenli Antarktidanyň sirkumpolýar akymynyň (ASA) 20% haýallamagyna sebäp boljakdygyny anykladylar. Barlagyň netijeleri Environmental Research Letters žurnalynda çap edildi. ASA uzynlygy 30 müň km-e we ini 2,5 müň km-e çenli bolan güýçli umman akymydyr. Ol Atlantika, Ýuwaş we Hindi ummanlaryny birleşdirýär hem-de Ýeriň howasynda möhüm rol oýnaýar. Barlagçylar Antarktidanyň buz tekjelerinden çykýan erän suwlaryň mukdary bilen ASA-nyň haýallaşmagynyň arasynda anyk baglanyşyk tapdylar. Erän suwlar, akymyň tizligine täsir etmek bilen, umman suwunyň dykyzlygyny üýtgedýär. Melburun uniwersitetinden barlagyň şärikdeş awtory Bişahdatta Gaýen muny "juda alada goýýan" ýagdaý diýip atlandyrdy. ASA ummanyň ýylylygyna we kömürturşy gazyny özüne siňdirişine täsir edýär we ýyly suwlaryň Antarktida düşmeginiň öňüni alýar. “Umman diýseň çylşyrymly we ynjyk deňagramlylyk. Eger ummanyň bu hereketlendirijisi bozulsa, howanyň üýtgemeginiň tizleşmeginiň käbir sebitlerde adatdan daşary hadysalaryň ýüze çykmagy bilen utgaşmagy we ummanyň uglerody siňdiriji hökmünde hereket etmek ukybynyň peselmegi sebäpli, ählumumy maýlamagyň çaltlaşmagy ýaly çynlakaý netijelere garaşyp bolar "- diýip, Gaýen düşündirýär.