Barselonada geçirilýän MWC 2025 sergisinde Honor kompaniýasy emeli aňy ösdürmek strategiýasyny hödürledi. Kompaniýa Alpha Plan taslamasyny anons etdi we geljek bäş ýylyň dowamynda EA ekoulgamyna 10 mlrd dollar maýa goýmagy maksat edinýär. Taslamany durmuşa geçirmek işine Google Cloud we Qualcomm ýaly halkara hyzmatdaşlar hem gatnaşar. Onuň esasy bölegi bolsa neýroulgamlary ulanmakda tehnologiki päsgelçilikleri aradan aýyrjak EA smartfony bolar. Şondan soň Honor EA gurluşlarynyň doly derejeli ekoulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de, kompaniýa faýllary geçirmek ulgamyny kämilleşdirer. Honor enjamlarynyň arasynda geçirijilik 125 MB/sek, Android-den – 100 MB/sek, iPhone-dan – 85 MB/sek bolar. MacOS we Windows goldawy hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Honor öz smartfonlaryna dipfeýkleri tanamak tehnologiýasyny girizer. Ony ilkinji bolup Honor Magic 7 Pro we Magic V3 alar. EA suratlary gowulandyrmaga kömek eder: zerur bolan ýagdaýynda suratyň hilini ýokarlandyrar, artykmaç obýektleri aýrar we portret suratlaryny gowulaşdyrar. Honor geljek ýedi ýylyň dowamynda Magic hatarynyň Android we howpsuzlyk ulgamlarynyň täzelenmesini aljakdygyny hem habar berdi. Ýöne şeýle goldawa eýe boljak modelleriň sanawy heniz belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir