Constellation Technologies & Operations (CTO) fransuz startap kompaniýasy, sözüň göni manysynda, 5G internet aragatnaşygyny kosmos derejesine çykarmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa örän pes orbitadaky (VLEO) toplanmalary ulanyp, dünýäde ilkinji 5G millimetr tolkunly (mmWave) hemra toruny taýýarlaýar diýip, Overclockers habar berýär. Birinji ädim eýýäm ädildi: 5G mmWave başlangyjy “regenerative peýdaly agram” synagyny görkezdi. Ony Ýerde kosmos şertlerine ýakyn şertlerde synag etdiler. "Biziň 5G mmWave regeneratiw ýük göterijimiz tehniki gulluklaryň ýerüsti aragatnaşyk bilen kosmos aragatnaşygynyň ýakynlaşmagyny çaltlaşdyrmaga ukyplydygyny subut edýän dünýäde ilkinji tehnologiýadyr" - diýip, CTO-nyň baş direktory Şarl Delfýe belledi. Enjam hemra platformasynda oturdyldy, uçurylyşy 2025-nji ýylyň iýun aýyna meýilleşdirilýär. 5G mmWave tehnologiýasy 24-100 GGs diapazonda işleýär, ol ýokary tizligi we pes bökdençliligi wada berýär. CTO telekom operatorlaryna öz toplumlaryny gurmagyň ýerine umumy infrastrukturany ulanmaga mümkinçilik berýän 1500 hemradan ybarat ulgamy döretmegi meýilleşdirýär. Bu bar bolan 5G spektrini çet gyra sebitlerde ýerüsti torlaryna çykdajy etmezden, ulanmaga mümkinçilik berer. Delfýeniň sözlerine görä, taslama SpaceX-iň we Amazon-yň bil baglaýan Ka we Ku zolaklaryndan (26.5-40 GGs) aýlanyp geçmek üçin döredilendir. Soňky alty aýyň dowamynda CTO bu hyjuwly pikiri durmuşa geçirmek üçin eýýäm 9,3 million ýewro toplady.