Google kompaniýasy MWC 2025 sergisinde «Project Astra» taslamasynyň iki sany täze aýratynlygyny hödürledi. Mart aýyndan başlap, Gemini emeli aň (EA) kömekçisinden peýdalanýan ulanyjylar smartfonyň ekranyndaky mazmuny onuň bilen paýlaşyp ýa-da gönümel kameradan oňa wideo görkezip, gepleşik geçirip bilerler. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär. Gemini-niň Android operasion ulgamyndaky interfeýsinde täze düwme peýda bolar – «Live bilen ekrany paýlaş» (Share screen with Live). Bu düwme «Gemini-den sora» (Ask Gemini) tekst meýdanynyň ýokarsynda ýerleşer. Ulanyjy ekrandaky mazmuny EA kömekçisine görkezip başlanda, ol telefon jaňy görnüşindäki interfeýse geçýär we Gemini bilen gönümel söhbetdeşlige başlaýar. Netijede, ekrandaky zatlar hakda sorag berip, EA bilen doly we düşnükli gepleşik alyp barmak mümkin bolar. Gemini Live funksiýasyny doly ekran görnüşinde hem ulanyp bolar. Şeýle-de ekrany paýlaşmak düwmesiniň gapdalynda ýerleşýän wideoçat düwmesini saýlap, kamera arkaly göni ýaýlyma çykyp bolar. Netijede, wideo smartfonyň ekranyny, tas tutuş diýen ýaly tutar. Bu aýratynlyklar barada Google ilkinji gezek geçen ýylyň maý aýynda geçirilen Google I/O 2024 konferensiýasynda mälim edipdi. Gemini 2.0-yň dekabr aýyndaky tanyşdyrylyş çäresinde, olar barada has giňişleýin aýdylypdy. Samsung Galaxy S25-iň ýanwar aýyndaky tanyşdyrylyş dabarasynda bolsa käbir aýratynlyklar görkezilipdi. Gemini Live-yň aýratynlyklaryny mart aýyndan başlap, ilkinji bolup Android enjamlary ulanýanlar we Gemini Advanced abunalary synap bilerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir