Toyota Land Cruiser eýýäm dördünji ýyl bäri Ýaponiýada iň köp ogurlanýan awtoulag bolmagynda galýar. 2024-nji ýylda ýurtdaky ähli ulag ogrulyklarynyň 27,5%-i şu modele degişlidir, bu 2023-nji ýyldaky görkezijiden iki esse köpdür (383 gezek, 14,7%) diýip, Carscoops habar berýär. Ýurtda iň köp ogurlanýan 10 awtoulagyň sanawy tutuşlygyna Toyota bilen Lexus modellerinden ybarat. Ikinji ýerde Toyota Alphard miniweni (289 gezek), üçünji ýerde Toyota Prius gibrid (235 gezek) durýar. Şeýle hem ilkinji bäşlige Lexus LX SUV bilen Lexus RX krossoweri girdi. Şeýle hem ilkinji onluga Toyota Crown, Hiace, Vellfire, Lexus LS we Toyota Voxy girdi. Ilkinji onlugy jemlän Voxy bir ýylda 21 gezek ogurlandy. 2024-nji ýylda Ýaponiýada jemi 2500 töweregi awtoulag ogrulygy hasaba alyndy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir