Geohimiýa institutynyň hytaýly alymlary Aý nusgalarynyň seljermesiniň netijelerini hödürledi. Olar Aýyň emele gelmeginiň irki döwürlerinde Aýda global magma ummanynyň bolandygy baradaky çaklamany tassyklady. Maglumatlar “Çane-6” missiýasy bilen getirilen Aý topragynyň seljermesiniň dowamynda alyndy. Aýyň görünýän we arka taraplaryndaky bazaltlaryň düzüminiň seljermesi olaryň himiki düzüminiň meňzeşligini görkezdi, bu bolsa Aýyň irki tapgyrlarynda onuň bir umumy magmatik barlygynyň bolandygyny görkezýär. Gurşun izotoplarynyň derňewi magma ummanynyň gatamagyndan soň Aýyň dürli ýerleriniň ewolýusiýasyndaky tapawutlary ýüze çykardy. Nazaryýete görä, Aýda magma ummany Aýyň doly erän döwründe bolupdyr. Sowamadan we kristallaşmadan soň, agyr elementler aşak çöküp, mantiýany emele getiripdir, ýeňil minerallar bolsa, ýokary çykyp, gabygy emele getiripdir. Bu gatlaklaryň araçäginde kripto diýlip atlandyrylýan elementlere baý gatlak peýda bolupdyr. Şeýle-de, ylmy gözlegçiler uly göwrümli çaknyşmalaryň Aýyň fiziki-himiki düzümine täsir edendigini belledi. Şeýle wakalaryň biri Günorta polýus basseýniniň – Eýtkeniň döremegi boldy, onuň ýaşy 4,2 milliard ýyldan gowrak. Bu maglumatlar Aýyň irki taryhy we onuň ewolýusiýasy baradaky bilimleri gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar.