2025-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Innowasiýa ykdysadyýeti: ýaş ykdysatçylaryň startap bäsleşigi” geçirilýär. Bäsleşigi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty guraýar. Bäsleşigiň maksady - zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek. Şeýle hem bu bäsleşik Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerini giňden dünýä ýaýmaga ýardam eder. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Düzgünnama laýyklykda taýýarlanan startap-taslamalaryny 2025-nji ýylyň 6-njy martyna çenli tdydi.startap@sanly.tm elektron poçta salgysyna ugratmaly. Düzgünnama institutyň tsiem.edu.tm salgysynda ýerleşdirilen.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir