SpaceX kompaniýasy Starlink hemralaryny ulanyşdan aýyrmak işini çaltlaşdyrdy. Kompaniýa diňe fewral aýynyň 28 gününiň dowamynda, 111 sany emeli hemrany orbitadan düşürdi. Bu görkeziji ýanwar aýy bilen deňeşdirilende (97 hemra), takmynan, 15% köpdür. Şeýlelikde, hemralaryň ýok ediliş tizligi günde 3,13-den 3,96-a ýokarlandy. Esasan-da 2019-2021-nji ýyllarda uçurylan ilkinji nesil hemralar orbitadan çykarylýar. Fewralda ulanyşdan aýrylan 111 emeli hemranyň 95-si hut şu nesillere degişlidir. Umuman alnanda, Starlink taslamasy başlany bäri, SpaceX kompaniýasy jemi 8039 emeli hemrany orbita ýerleşdirdi, şolaryň 957-sini bolsa ulanyşdan galdyrdy. 1-nji mart ýagdaýyna görä, häzirki wagtda orbitada 7082 sany hemra hereket edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir