Honor täze Watch 5 Ultra akylly sagadyny tanyşdyrdy. Täze sagat bir gezeklik zarýad bilen 15 gün üznüksiz işleýär, şeýle-de saglygy gözegçilikde saklamak boýunça dürli funksiýalary bar diýip, «Tom’s Guide» habar berýär. Täze modele 1,5 dýuýmlyk AMOLED ekran (466×466 piksel, 60 Gs) ýerleşdirilen. Titan splawyndan ýasalan korpusynyň IP68 gorag standarty hem-de 5 ATM suw geçirmezlik ukyby bar. Sagadyň ölçegleri – 46,3×46,3×11,4 mm, agramy bolsa – 51,8 gram. 8 GB içerki ýady bolan akylly sagat 100-den gowrak sport tertibini hem-de Bluetooth 5.2 tehnologiýasyny goldaýar. 480 mA·sag sygymly batareýasy 15 güne çenli zarýad berilmezden işläp bilýär. Şeýle-de simsiz we tersine zarýad beriş funksiýasylary bar. Sagat Android 9.0+ we iOS 13.0+ ulgamlaryna gabat gelýär. Ulanyjylara 10 müňden gowrak sanly ekran görnüşi hödürlenýär. Watch 5 Ultra akylly sagadynyň «Quick Health Scan» funksiýasy EKG-ni ýazga almaga we saglyk ýagdaýyny seljermäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ýüregiň urşuny, gandaky kislorodyň derejesini ölçäp, ukynyň hilini yzarlap bilýär. Sagat gara we çal reňklerde hödürlenýär, şeýle-de aýryp-dakyp bolýan plastika we deri görnüşli gaýyşlary bar. Şeýle hem Honor öz smartfonlary üçin programma üpjünçiliginiň goldaw möhletini 7 ýyla çenli uzaldýandygyny habar berdi. Bu möhlet Google we Samsung-yňky bilen deň bolup, Xiaomi bilen deňeşdirilende bolsa ep-esli artykmaçlyk berýär. Uzaga çekýän programma üpjünçilik goldawy, «Magic Series ulanyjylarynyň ençeme ýyllap emeli aň mümkinçiliklerine we innowasion funksiýalara elýeterli boljakdygyny kepillendirýär» — diýip, kompaniýa öz beýanatynda belläp geçýär. Täze düzgünleriň haýsy modelleri öz içine alýandygy entek belli däl. Magic7 flagman modelleriniň bu uzak möhletli goldawa ilkinji bolup eýe bolmagy ähtimal.