7-nji martda Ak tamda taryhda ilkinji kriptowalýuta sammiti geçiriler. Bu wakanyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iş toparyna kriptowalýutalaryň strategiki ätiýaçlygyny döretmegi tabşyrdy. Bu ätiýaçlyk XRP, SOL, ADA kriptowalýutalaryny, bitkoini we Ethereum-y öz içine alar. Bu barada ol Truth Social sosial ulgamynda habar berdi. Ol ABŞ-nyň “dünýäniň kriptopaýtagtyna” öwrülmelidigini belledi. 7-nji maýda Ak tamda geçiriljek ilkinji kriptosammitde Trampyň özi çykyş eder. Çäräniň guramaçysy Prezidentiň emeli aň we sanly aktiw boýunça iş topary bolar. Sammite toparyň başlygy Dewid Saks ýolbaşçylyk eder, ýerine ýetiriji müdir Bo Haýns ony guramak bilen meşgullanar. Bu çäre Tramp tarapyndan prezidentliginiň ilkinji hepdesinde gol çekilen 14178-nji permana laýyklykda geçiriler. Resminamada sanly aktiwleri goldamak we olary ykdysasyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak barada aýdylýar. Heniz saýlawdan öňki kampaniýada Tramp kriptowalýutalar bilen dostlaşjak ilkinji Prezident bolmaga wada beripdi. Kriptojemgyýet sammit baradaky habary oňyn kabul etdi. CryptoPulse blokçeýn kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sara Jennings, eger häkimiýetler sanly aktiwleriň düzgünleşdirilmegine aýdyňlyk girizse, duşuşygyň “oýnuň düzgünini üýtgedip biljekdigini” belledi.