Mart aýynyň 4-ünden 5-ine geçilýän gije Ýerde magnit tupanynyň bolmagyna garaşylýar. Plazma buludy 4-nji martda Aşgabat wagty bilen, takmynan, 21:00-da Ýere gelip ýeter diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika institutynyň maglumatlaryna salgylanýan TASS habar berýär. Hünärmenler 60% ähtimallyk bilen G1-G2 derejeli magnit tupanyny çaklaýarlar. Bu dereje tupanyň gowşak täsirli ýa-da aram boljakdygyny aňladýar. Ol 6-dan 9 sagada çenli dowam edip, Aşgabat wagty bilen 22:00-00:00 aralygynda başlar diýlip garaşylýar. Ýeriň magnit meýdanyndaky bozulmalar 5-nji martda günortana çenli dowam edip biler. Ýeriň magnit meýdanyndaky bozulmalaryň derejesiniň bäş görkezijiniň gözegçilik şkalasynda ölçelýändigini bellemelidiris: G1 (gowşak)-dan G5-e (gaty güýçli) çenli.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir