Rimiň Üçünji uniwersitetiniň italiýaly alymlary b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde aradan çykan adamyň beýnisiniň ýokary temperaturadan ýaňa aýna öwrülendigini anyklady. Bu açyş gadymy Gerkulanum şäherindäki galyndylary öwrenmegiň netijesinde mümkin boldy diýlip, Scientific Reports žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, beýni örän gyzgyn kül buludynyň gysga wagtlyk täsiri sebäpli aýna öwrülipdir. Bu proses temperaturasy 510 gradusa ýeten piroklastiki akymyň, soňra bolsa çalt sowama prosesiniň bolmagy netijesinde bolup geçipdir. Beýni organiki aýna öwrülip, kelle süňküniň we oňurganyň içinde saklanyp galypdyr. Galyndylaryň ýerleşişinden çen tutsaň, betbagtçylyk wagty adam düşekde ýatan eken. Çaklamalary tassyklamak üçin alymlar rentgen suratlaryny we elektron mikroskopiýany ulandy, bu hem kelle süňküniň gutusynyň termo-gorag roluny oýnap, dokumalaryň doly ýok edilmeginiň öňüni alandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. Bu açyş özboluşly boldy, çünki öň ne adamlarda, ne-de haýwanlarda dokumanyň aýna öwrülmek ýagdaýy hasaba alnypdy. Gerkulanum galyň kül gatlagynyň aşagynda galdy, bu hem galyndylara biziň günlerimize çenli saklanmaga mümkinçilik berdi. Wezuwiýniň atylmagy gadymy dünýäde 2 müň töweregi adamyň ýogalmagyna getiren iň weýrançylykly betbagtçylyklarynyň biri boldy.