Iň gymmat awtoulaglaryň arasynda kämil inženerçilik çözgütleri, kaşaňlygy, özboluşly dizaýny we kuwwatly güýji özünde jemleýän deňsiz-taýsyz modeller bar. Autoblog portaly dünýäde iň gymmat awtoulaglaryň 3-lügini hödürleýär. 3-nji orunda: «Bugatti La Voiture Noire» – 18,7 million dollar Bu giperkar brendiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi. Onuň 8,0 litrlik dört turbinaly W16 hereketlendirijisi 1479 at güýjüni öndürýär. Ulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,4 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa 420 km/sag-den geçýär. 2-nji orunda: «Rolls-Royce Boat Tail» – 28 million dollar Bu «ýöreýän köşkden» bary-ýogy üç sanysy öndürildi. Dizaýny üçin 1920-nji ýyllaryň ýahtalaryndan ylham alnypdyr. Ol içindäki mini bary, piknik üçin niýetlenen stollary we «Bovet Fleurier» sagady ýaly eksklýuziw aksessuarlary bilen tapawutlanýar. 1-nji orunda, dünýäniň iň gymmat awtoulagy: «Rolls-Royce La Rose Noire Droptail» – 30 million dollar Kuzowy «True Love Red» atly täsin reňk bilen boýalan rodster, el bilen ýerleşdirilen 1600 sany agaç bölejigi bilen bezelen. Onuň salonynda «Audemars Piguet» sagady we şampan saklaýjy ýaly eksklýuziw elementleri bar. Bu awtoulaglar inženerçilik sungatynyň iň beýik derejesini görkezýän we diňe saýlanan adamlar üçin elýeterli bolan iň ýokary kaşaňlygyň nyşanydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir