Hytaýyň Oukitel kompaniýasy özboluşly aýratynlygy – oturdylan fitnes bilezigi bolan WP200 Pro smartfonyny hödürledi. Aksessuar uly tegelek kameralar blogunyň ortasynda ýerleşýär. Ol smartfonyň korpusyna oturdylan ýagdaýynda, diňe wagty görkezýär. Ýöne ony aýryp, eline daksa, ulanyjy ädimini, pulsy we ganda kislorodyň derejesini yzarlap biler. Bilezik zarýady gönüden-göni smartfonyň akkumulýatoryndan alýar. Fitnes bilezigi egrem görnüşli dinamika bilen üpjün edildi, bu hem ony gulagyňa dakyp, Bluetooth garniturasy hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Smartfon bilen bilezik awtomatik ýagdaýda baglanyşýar. WP200 Pro-nyň korpusy IP69K we MIL-STD-810H ülňüleri boýunça suwdan, tozandan, ýere gaçmakdan we aşa temperaturalardan goraglydyr. Gurluşyň aýratynlyklary: ·Ekran: 6,7 dýuým, AMOLED, 1080x2412, 394 ppi, 120 Gs, Gorilla Glass 5; ·Prosessor: MediaTek Dimensity 8200 (3,1 GGs); ·Ýat: 24 GB operatiw LPDDR5, 1 TB hemişelik UFS 3.1; ·Batareýa: 8800 mA/sag, çalt zarýad beriş 45 Wt; ·Kameralar: esasy 108 Mp, makro 2 Mp, çuňluk sensory 0,3 Mp, frontal 32 Mp. ·OS: Android 15; ·Göwrümi: 63,6 x 77,85 x 13,7 mm, agramy 311 g. Goşmaça aýratynlyklaryň arasynda NFC, stereodinamikalar we ekranasty barmak yzynyň skaneri bar. WP200 Pro-nyň bahasy heniz yglan edilmedi, ýöne ol üç gurluşy: smartfony, bilezigi we garniturany bir gurluşda jemleýändigi üçin öz “deň-duşlaryndan” gymmat bolup biler.