Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2025/26 möwsüminden güýje girjek futbol düzgünlerine üýtgetmeleri tassyklady. Täze düzgünler bilen geçiriljek ilkinji ýaryş 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçjek Klublaýyn dünýä çempionaty bolar diýlip, guramanyň saýtynda habar berilýär. Esasy üýtgetmeleriň biri 12.2 düzgüni bilen baglanyşyklydyr. Oňa laýyklykda, topy oýna girizmek üçin derwezebana sekiz sekunt (öňki alty sekuntyň deregine) berilýär. Emin eli bilen bäş sekunty sanar, eger top sekiz sekuntdan soň oýna girizilmese, garşydaş topara burçdan urgy berler. Ozal wagtyň uzaga çekilendigi üçin toparlar jerime meýdançasynyň içinde erkin urgyny bellemek bilen jezalandyrylýardy, ýöne eminler köplenç bu düzgüne eýermeýärdi. Üýtgetmeler 3.10 düzgünine-de täsir etdi: indi diňe kapitanlar emin bilen gürleşip bilýär. Şeýle çözgüt oýny has guramaçylykly we birek-birege sylagly gatnaşyk etmäge gönükdirilendir. 8.2 düzgüni boýunça, “jedelli topda” top oýun saklanmazdan ozal oňa eýeçilik eden topara geçiriler. 9.2 düzgünine laýyklykda, eger klubuň wekili, ätiýaçdaky oýunçy, çalşyrylan ýa-da çykarylan futbolçy çyzykdan gyra çykan topa tötänleýin degen ýagdaýynda, emin erkin urgy bellär. Mundan başga-da, eminler öz çözgütlerini tutuş stadiona yglan edip biler. Şeýle-de, FIFA-nyň teklibi boýunça, Klublaýyn dünýä çempionatynda eminlerde kameralar synalyp görler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir