19 ýaşly sport ussady, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Wepaly Halynyýazow (FIDE – 2115) ilkinji gezek Türkmenistanyň küşt boýunça çempiony boldy. Ol ýokary liganyň açyk kategoriýasynda mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplady. Bäsleşik aýlaw ulgamy boýunça geçirilip, oňa jemi 12 oýunçy gatnaşdy. Halynyýazow küşt bilen Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde tälimçi Güljahan Öwlýakulyýewanyň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlady. Soňra Aýnur Isaýewanyň ýolbaşçylygynda Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde okuwyny dowam etdirdi. Geçen ýyl bolsa, ol dünýäniň Budapeşt şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň düzüminde kiçi altyn medal gazandy. Şol ýaryşda türkmen ýygyndysy umumy hasapda 188 toparyň arasynda 24-nji orny eýeledi. Ozal, erkekler kategoriýasy hökmünde tanalýan, açyk kategoriýada şu ýyl ýeke-täk gyz çykyş etdi. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 19 ýaşly talyby Läle Şöhradowa (reýtingi – 2025). Ol Mary şäherinde geçirilen birinji liganyň açyk kategoriýasynda ýeňiji bolup, ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazandy. Ýaryşda Läle Şöhradowa finala çenli baryp, ol ýerde halypasy – Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýewden ýeňildi. Netijede L.Şöhradowa ikinji orny eýeledi. Ýeňijiler halkara ýaryşlarynda, şol sanda Gazagystan we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek bäsleşiklerde Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler. Şeýle-de, milli ýygyndynyň düzümine grossmeýsterler Meýlis Annaberdiýew (2449) we Saparmyrat Atabaýew (2516) girýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir