Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konsertleri geçiriler. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 8-nji martda estrada aýdymçylarynyň şowhunly konserti bolar. Sahnada Eldar Ahmedow, Serdar Çaryýew, Gülälek Gulmyradowa we Begler Nurberdiýew çykyş eder. Konsertler 8-nji martda 17:00 we 19:00 başlanar. Habarlaşmak üçin: 94-10-76; 48-96-83; 48-96-85. Şol gün şeýle-de "Türkmenistan" kinokonsert merkezinde hem baýramçylyk konserti geçiriler. Konsertde giriş zenanlar üçin mugt bolar. Konsertde Gurbangeldi Ataýew we Söhbet Jumaýew çykyş eder. Konsert 16:00-da başlanar. "Türkmenistan" kinokonsert merkezindäki konserte gatnaşmak üçin ýerleri öňünden belletmeli. Munuň üçin 0504 gysga belgä SMS ugratmaly.