Los-Anjelesde 2024-nji ýylyň jemleri boýunça «Altyn malina» anti-baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Bu ýylky iň şowsuz film «Hanym Kerep» (Мадам Паутина) boldy. Bu film üç baýrak gazandy, olar: «Iň erbet film», «Iň erbet aktrisa» (Dakota Jonson) we «Iň erbet ssenariý». «Iň erbet aktýor» diýen ada Jerri Saýnfeld mynasyp boldy. Ol bu baýragy režissýor hökmünde çykyş eden «Syrçasyz» (Без глазури) atly komediýasyndaky keşbi üçin aldy. Filmde onuň bilen bile oýnan Emi Şumer bolsa «Iň erbet kömekçi aktrisa» diýlip saýlandy. Anti-baýragyň guramaçylary «Joker: Iki adamlyk telbelik» (Джокер: Безумие на двоих) filmindäki Hoakin Feniksiň we Ledi Gaganyň keşplerini hem halamadylar. Olary «Ekrandaky iň erbet jübütler» diýip yglan etdiler, film bolsa «Iň erbet sikwel, remeýk, plagiat ýa-da prikwel» diýen baýrak bilen sylaglandy. «Megalopolis» filminiň režissýory Frensis Ford Koppola «Iň erbet režissýor» diýlip yglan edildi. Dünýä kinosynyň klassigi bu baýragy diňe bir kabul etmän, eýsem Instagram sahypasynda yzarlaýjylaryna öwünip görkezdi. «Men häzirki zaman kinematografynyň trendlerine garşy gitmekdäki edermenligim üçin „Malina“ baýragyny alanyma diýseň begenýärin! Sungata restling (göreş) ýaly baha berilýän döwürde, biz 50 ýyldan soňam diri galjak kinolary döredýäris» — diýip, režissýor ýazdy. Ol indi öz kolleksiýasynda hem «Oskaryň», hem-de «Malinanyň» bardygynam belläp geçdi. «Megalopolis» filminiň aktýorlaryndan Jon Woýta «Iň erbet kömekçi keşp» üçin baýrak berildi. Ol diňe bir bu film üçin däl, eýsem «Reýgan», «Shadow Land» we «Nätanyşlar» (Незнакомцы) filmleri üçin hem bu baýraga mynasyp boldy. Diňe birje aktrisa bu anti-baýragyň guramaçylarynyň gözünde täzeden abraý gazanmagy başardy. Ol bolsa Pamela Anderson bolup, «Şougerl» filmindäki keşbi boýunça «abraýyny dikeldendigi üçin» ýörite baýrak bilen sylaglandy.