Apple Visual Intelligence funksiýasynyň iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max üçin elýeterli boljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu tehnologiýa ilkibaşdanam iPhone 16 smartfonlarynyň üýtgeşik aýratynlygy hasaplanýardy. Bu funksiýa iOS 18.4 täzelenmesiniň durnukly wersiýasynda peýda bolar. Ozal kamera girmek üçin ýörite düwmäniň ýoklugy sebäpli, bu funksiýa modelleriň öňki neslinde goldanylmaýardy. Şeýle-de bolsa, iPhone 16E modeliniň peýda bolmagy bilen Apple Visual Intelligence-i işjeňleşdirmegiň täze usulyny – Action düwmesine meňzeş Dolandyryş merkezindäki ýarlygy goşdy. Visual Intelligence bu ulanyjylara smartfon kamerasyny obýektlere gönükdirip, olar barada maglumat almaga mümkinçilik berýän nerw ulgamynyň funksiýasydyr. Mysal üçin, gözel ýerler ýa-da beýleki syýahatçylyk ýerleri barada zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýär, ösümlikleriň atlaryny aýdýar ýa-da posterden senenama bir çäräni goşmaga kömek edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir