2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 1-nji marta, soňky güni bolsa — 29-njy marta gabat gelýär. Gadyr gijesi mart aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gijä düşýär. Baýram namazy 30-njy martda okalar. Şu salgylardan Oraza aýynda Aşgabat şäheri we beýleki welaýatlar boýunça agyz beklenýän we agyz açylýan wagtlarynyň senenamasyny ýükläp alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty Balkan welaýaty Daşoguz welaýaty Lebap welaýaty Mary welaýaty TmCars-yň adyndan ähli musulman doganlarymyza bu mukaddes aýda eden doga dilegleriňiziň, tutjak orazalaryňyzyň kabul bolmagyny arzuw edýäris! Orazalaryňyz kabul bolsun!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir