Russiýaly tennisçi Mirra Andreýewa Dubaýda geçirilen WTA-1000 kategoriýasyndaky ýaryşda ýeňiji boldy. 17 ýaşly türgen WTA-nyň taryhynda bu kategoriýadaky ýaryşda ýeňiji bolan iň ýaş tennisçi boldy diýip, RBK habar berýär. Final duşuşygynda Andreýewa dünýäniň 38-nji raketkasy daniýaly Klara Tausony 7:6 (7:1), 6:1 hasap bilen ýeňdi. Ýaryşa çenli russiýaly türgen dünýä reýtinginde 14-nji orny eýeleýärdi, emma ýaryşdan soň, ol top-10-luga girdi. Şeýle hem Dubaýdaky ýeňşinden soň, 1000 reýting utugyny we 600 müň dollar möçberde pul baýragyny aldy. WTA 1000 — abraýy boýunça "Uly tuwulga" we Jemleýji ýaryşdan soň durýan ýaryşdyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir