20-nji fewralda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Patyşa Salman adyndaky Hemaýat we ynsanperwer kömegi merkeziniň adyndan Türkmenistana 25 tonna hurmany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada ORIENT habar berýär. Çärä Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nawaf Al-Raşid, şeýle hem Türkmenistanyñ Müftüliginiň wekilleri gatnaşdy. Müftüligiň wekilleri ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny alamatlandyrýan bu asylly iş üçin öz hoşallygyny bildirdiler. Hurmalar tutuş Türkmenistan boýunça metjitleriň we musulman jemgyýetleriň arasynda paýlanylar.