«HeartBeat» atly ýapon týuning ussahanasy köne Mazda MX-5-i (birinji nesil Miata) düýbünden üýtgedip, ony klassiki Porsche-ä meňzetmegiň özboluşly usulyny hödürleýär diýip, «Carscoops» habar berýär. Ýörite niýetlenen bodikit (týuning toplumy) ulagyň daşky keşbini düýpgöter üýtgedýän kuzow detallaryny we optiki elementleri öz içine alýar. Týunerler Mazda-nyň yza çekilip çykýan (pop-up) original çyralarynyň ýerine, köne MINI ulaglardan alnan optikalary ulagyň täze ganatlarynyň içine ýerleşdirýärler. Şeýle-de, ulagyň kapotuna howa girelgeleri goşulýar. Kontrast reňk bilen hödürlenýän we howa girelgeleri bolan kapot ony Porsche ulaglara has-da meňzedýär. Týuning toplumy diňe çyralar we kapot bilen çäklenmeýär. Teker arkalary giňeldilýär we olar ýörite poroglar bilen birleşdirilýär. Şeýle-de ulag üçin aýratyn diskler hödürlenýär. Ulagyň arka tarapyna uly antiwing (spoýler) ornaşdyrylýar, öň tarapynda bolsa täze bamper ulanylýar. Toplumdaky ähli kuzow detallary berkidilen we ýokary hilli plastmassadan ýasalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir