Ylmy gözlegçiler kömürturşy gazyny atmosferadan aýyrmagyň tebigy prosesini tizleşdirmek üçin 1620 termoýadro bombasyny ýarmagy teklip edýär. Roçester tehnologiýa institutynyň ylmy gözlegçileri 50 megatonna kuwwatly termoýadro bombalarynyň ýarylmagy bazalt ýaly silikat jisimleriniň dargadylmagyny tizleşdirip biler diýip hasaplaýar. Bu proses kömürturşy gazyny tutup, ony minerallaşdyrýar we atmosferadan aýyrýar. Teklip edilen usul deňiz düýbünde 4 km çuňlukda bombalary ýarmagy göz öňünde tutýar. 800 atmosfera basyşy zarba tolkunyny özüne siňdirmeli, partlama kuwwaty bolsa – takmynan, 81 gigatonna – jisimleriň çalt dargamagyny üpjün etmeli. Hasaplamalara görä, täsir atmosferadan 30 ýyllyk CO₂ zyňyndylarynyň aýrylmagyna deň bolar. Alymlar radiasiýanyň minimal boljakdygyny, ummanyň ekoulgamynyň bolsa uly zyýan çekmejekdigini nygtaýar. Häzir kömürturşy gazlaryny aýyrmak üçin owradylan bazalt meýdanlarda sepilýär, ýöne bu usul ýeterlik derejede täsirli däl. Şol bir wagtyň özünde şeýle masştabdaky partlamalaryň näderejede howpsuzdygy baradaky sorag galýar. Ylmy gözleg arXiv saýtynda ýerleşdirildi.