Dünýä entek 5G-ni ýaňy özleşdirip başlan mahaly, Hytaý indiki ädimi ädip, eýýämden 5G-A (5.5G) ulgamlaryny ornaşdyrdy. Kämil tehnologiýa ajaýyp maglumat geçiriş tizligini hödürläp, 10 GB göwrümdäki faýly bary-ýogy 10 sekuntda ýükläp almaga mümkinçilik berýär diýip, «Mydrivers» neşiri ýazýar. Bu tehnologiýa ilkinji gezek Gyşky Aziýa oýunlarynda ulanyldy. «China Unicom» aragatnaşyk operatory Harbinde «5G-A hereket meýilnamasyny» işe girizendigini mälim etdi. Operator şu ýyl 300-den gowrak şäherdäki esasy sebitlerde 5G-A hyzmatlaryny doly işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Mundan öň hem beýleki iri operatorlar 5G-A ulgamyny ornaşdyrmaga başlapdy. «China Mobile» bu tehnologiýany 300-den gowrak şäherde işe girizdi, «China Telecom» bolsa Şanhaýda we Şençžende 5G-A üçin ýörite nyrhnamalary hödürledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir