Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew «GDA-nyň iň gowy talyby — 2024» atly halkara bäsleşiginde iň ýokary netije gazandy. Netijede, ol «GDA-nyň iň gowy talyby — 2024» diýen ada mynasyp bolmagy başardy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Bäsleşik ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň hem-de «Bilim orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi. Emin agzalary Hallynyýazyň Arkalaşygyň çäginde ylym-bilimiň, sungatyň, sportuň ösmegine goşan goşandyna ýokary baha berildi. H.Babaýewe «Bilim orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi tarapyndan I derejeli diplom, «GDA-nyň iň gowy talyby» atly heýkeljik hem-de döşe dakylýan nyşan, GDA döwletleriniň talyplary bilen aragatnaşyk saklamakda we ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşýan goşandy üçin degişli şahadatnama gowşuryldy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir