Samsung kompaniýasy Hindistanda iň arzan 5G smartfonyny – Galaxy F06 5G-ni tanyşdyrdy. Enjam MediaTek Dimensity 6300 prosessory esasynda işleýär diýip, «Android Headlines» neşiri habar berýär. Smartfon 6,7 dýuýmlyk PLS ekran (Samsung-yň IPS-ine meňzeş) bilen enjamlaşdyrylan. Onuň durulygy 1600 × 720 piksel, täzeleniş ýygylygy 60 Gz, iň ýokary ýagtylygy bolsa 800 kd/m². Ekranyň ýokarky böleginde 8 MP çözgütde surata düşürýän kamera kesigi bar. Esasy kamera blogy 50 MP sensor we çuňlugy hasaplamak üçin goşmaça 2 MP sensor bilen enjamlaşdyrylan. Esasy kamera sekuntda 60 kadr tizlikde 1080p durulykdaky wideony ýazga almaga mümkinçilik berýär. Enjam 5000 mAh kuwwatly batareýa bilen üpjün edilýär, ol 25W zarýad almagy goldaýar. Täze smartfonyň 3,5 mm ses girişi we güýçli ses dinamikalary bar. NFC goldawy ýok. Enjam Android 14 OS esasly OneUI interfeýsinde işleýär. Samsung bu enjam üçin dört esasy OS täzelenmesini we dört ýyllyk howpsuzlyk täzelenmelerini wada berýär. Galaxy F06 5G Bahama Blue (gök) we Lit Violet (açyk benewşe) reňklerinde hödürlenýär. 4 GB operatiw ýady (RAM) we 128 GB hemişelik ýady bolan görnüşi 109 dollar, 6 GB operatiw ýady we 128 GB hemişelik ýady bolan görnüşi bolsa 126 dollar bahasy bilen 20-nji fewralda Hindistanda satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir