ChatGPT, Copilot, Gemini we Perplexity AI ýaly emeli aňa esaslanýan çat-botlar habarlary hemişe diýen ýaly takyk bermeýär. Bi-bi-si tarapyndan geçirilen gözleg habarlar baradaky soraglara berlen jogaplaryň 51%-inde “möhüm nätakyklyklaryň” we fakt ýoýulmalarynyň bardygyny görkezdi. Žurnalistler çat-botlara Bi-bi-siniň saýtyndan ýüz habar berip, bu materiallar boýunça sorag berdi. Jogaplaryň ýarysynda nätakyklyk tapyldy, 19%-inde bolsa nädogry tassyklamalar, sanlar we seneler ýaly fakt ýalňyşlyklary bardy. Aýratynam, Microsoft-yň Copilot we Google-yň Gemini çat-botlarynda uly kynçylyk ýüze çykdy. Mundan başga-da, çat-botlar pikirleri we faktlary kynlyk bilen tapawutlandyryp, köplenç, redaktirlemä ýol berýär ýa-da möhüm konteksti sypdyrýar. BBC News-iň baş müdiri Debora Terness EA-nyň “çäksiz mümkinçilikleri” hödürleýändigini, ýöne bu gurallary işläp düzýän kompaniýalaryň “ot bilen oýnaýandygyny” belledi. “Biz dartgynly döwürde ýaşaýarys we EA tarapyndan ýoýlan sözbaşy hakyky dünýä uly zyýan ýetirmezden öň näçe wagt geçer?” – diýip, ol ýazdy. Adatça, Bi-bi-si öz kontentlerini emeli aňly çat-botlardan blokirleýär, ýöne 2024-nji ýylyň dekabr aýynda kompaniýa synag möhleti üçin web-saýtyny açdy. Bi-bi-siniň generatiw EA boýunça programmasynyň müdiri Pit Arçer neşirýatlaryň “öz kontentleriniň ulanylýandygyny we nähili ulanylýandygyny gözegçilikde saklamalydygyny, EA bilen meşgullanýan kompaniýalaryň bolsa, kömekçileriň habarlary nähili işleýändigini, şeýle-de olaryň goýberýän ýalňyşlyklarynyň we nätakyklyklarynyň gerimini we möçberini görkezmelidigini” belledi.