Germaniýanyň paýtagtynda 75-nji Berlin kinofestiwaly öz işine başlady. Abraýly halkara kinofestiwal hepdäniň ahyryna çenli dowam eder. Şu ýyl festiwal ilkinji gezek öň London kinofestiwalynda işlän Trişi Tattlyň ýolbaşçylygynda geçer. Emin agzalarynyň başlygy amerikaly režissýor Todd Heýns boldy. Açylyş dabarasynda durmuş üstünlikleri üçin “Altyn aýy” baýragynyň gowşurylyşy geçirildi – ony aktrisa Tilda Suinton aldy. Berlinaleni açan filmi Tom Tykweriň “Yşyk” (Das Licht) dramasy boldy. Ol jemgyýetde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan nemes maşgalasy barada gürrüň berýär. Sýužet är-aýalyň we olaryň çagalarynyň durmuşyna hem-de bu durmuşyň siriýaly hyzmatkär Farranyň gelmegi bilen üýtgeýşine ünsi jemleýär. Tykwer özüniň “Ylga, Lola, ylga” (Беги, Лола, беги), “Parfýumer: Bir ganhoryň hekaýaty” (Парфюмер: История одного убийцы) we “Bulut atlasy” (Облачный атлас) ýaly filmleri bilen bellidir. Şeýle-de, festiwalda Pon Jun-honyň baş keşbi Robert Pattinsonyň ýerine ýetirmeginde “Mikki 17” fantastiki komediýasynyň premýerasy bolar. Film Edward Eştonyň “Mikki 7” kitaby boýunça düşürildi. Berlinaleniň esasy meýilnamasyna Riçard Linkleýter, Mişel Franko we Hon San Su ýaly belli režissýorlaryň işi-de gatnaşýar. Ssenariçi Rebekka Lenkewiç “Gyzgyn süýt” (Горячее молоко) lentasyny hödürlemek bilen, ilkinji gezek özüni režissýor rolunda görkezer.