Nýu-Ýorkdaky haýwanat bagy haýwanlar tarapyndan döredilen suratlary satmak üçin auksion geçirer. Edaranyň sosial ulgamlarynda eýýäm käbir işler görkezildi diýip, UPI agentligi ýazýar. 15-nji martda haýwanat bagy haýyr-sahawat gala-agşamyny geçirip, onda haýwanlaryň döredijiligini hödürlär. Bu suratlar pingwinler, kapibaralar (suw jojuklary), žiraflar, leniwesler we beýleki haýwanlar tarapyndan çekildi. Haýwanat bagynyň işgärleri haýwanlary surat çekmäge ruhlandyrmak üçin dürli usullaryň ulanylýandygyny gürrüň berdi. Mysal üçin, pingwinleri iýmit ýa-da lazer görkezijisi bilen höweslendirip bolýar. “Biziň suratkeşlerimiz yhlasly zähmet çekip, haýwanlaryň sungat eserleriniň auksiony üçin öz ajaýyp eserlerine soňky öwüşginleri goşýar” – diýip, edaranyň sosial ulgamlarynda bellenilýär. Suraty satyn almak isleýän, ýöne gala-agşamyna gatnaşyp bilmeýänler onlaýn ýagdaýda goýum edip biler. Alnan serişdeler haýwanat bagynyň we onuň ýaşaýjylarynyň goldawyna gönükdiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir